- basmak
- işlik1) Agram salmak, üstünden aşaklygyna gysmak.∙ Indi çep pedaly bas-da, goýberme, çetki sag pedaly ýuwaşja bas -- diýdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Sag eline laýyk gelip duran ýylpyldawuk metallary basdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)∙ Ýandagy bassaň, küde bolar, bedäni bassaň-pide. (Nakyl)2) Üstün çykmak, boýun egdirmek, ýeňmek.∙ Iki golsuz, bir aýaksyz adamyny basmak bolsa duşmana has hem ýeňil düşjegini bilýärin. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)3) Bir ýere toplamak, üýşürmek, toplanmak, üýşmek.∙ Olaryň yk tarapyny gar basypdyr. («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Oty bassyrmanyň üstüne basdym. Ýandak basmak. Odun basmak.4) Aralaşmak, örtmek.∙ Ol çal saçly, ýüzüni ýygyrt basan adam bolupdyr. («Tokmak» žurnaly)∙ Eti garynja basypdyr.5) Türmä salmak, tussag etmek, ýüklemek, urmak.∙ Eziz bolup duran düzgünsiz nyzamy bolup, atlary eşelona basmaga höküm berdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)◊ bagra basmak — seret bagyr∙ Knýaz zyba gyzy bagryna basdy. (A. S. Puşkin, Ertekiler)◊ basan ýerinden ot çykmak — Gaýratly, edenli bolmak, dogumly bolmak.∙ Ýaş gözleri ýanyp duran, basan ýerinden ot çykýan gelniň demi-demine ýetmeýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)◊ dag basmak — seret dag 2∙ Gurduň endamyna daglar basmaga başladylar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)◊ der basmak — seret der∙ Ony gara der basdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)◊ gara basmak — seret gara◊ keçe basmak — seret keçe∙ Aýalym aýalyňa keçe basyşýar, ol nä iş dälmi? (Tokmak» žurnaly)◊ uky basmak — seret uky∙ Uky basan guş görende, Ýyldyrym dek uçup barar. («Mydam Taýýar» gazeti)◊ yzyny basyp ýatmak — Hil, mukdar, dereje taýdan bäri ýanynda bolmak, deňräk bolmak.∙ Soltansöýün ýöne bir soltan bolman, Myralynyň yzyny basyp ýatan şahyr ekeni. (Myraly)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.